07

Diplom Ykrar etmek üçin zerur resminamalaryň sanawy

Türkmen ýaşlary häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetlerinde hem bilim alýarlar. Köp  sanly okyjylarymyzyň haýyşyny nazara alyp, esasan  hem daşary ýurda okuwa gitmek isleýän raýatlarymyz üçin maglumatlaryň elýeterli bolmagyna goşant goşmak maksady bilen daşary ýurtda bilim almak bilen baglanşykly habarlarymyzy ýaýratmaga dowam edýäris. Bellemeli zat, bilim we migrasiýa bilen baglanşykly habarlarymyzda berilýän maglumatlar, degişli edaralaryň web saýtlarynda ýa-da edaralaryň maglumat tagtalaryna öňden ýerleşdirilen maglumatlaryň habarlaşdyrylan görnüşi bolup, halk köpçüligine peýdaly bolmasyny gazanmak maksady bilen saýtymyza ýerleşdirilýär.

Şol sebäpli, bu habarymyzda bolsa, daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýetirýäris.

  1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el yazuwynda)
  2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
  3. Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça)- 2 sany
  4. 4 sany 3x4 fotosurat;
  5. Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama (türkmen dilinde terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berilen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
  7. Türkmen diline resmi terjime edilen  diplomyň goşundusynyň (ýa-da Diplom Supplement) – 2 sany göçürmesi;
  8. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli  (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  9. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiasynyň (terjimesi bilen) okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy
  10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilnama getirmeli ( terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
  11. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  12. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  13. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
  14. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli( iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
  15. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magstr derejesi hakynda resminama, orta hünär bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy – 2 sany

 

 

  • Resminamalar tabşyrlanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylýan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
  • Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.

 

 

 

 

Resmimalaryň Terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine hem ýüz tutup bilersiňiz !

Habarlaşmak üçin:

 

Aşkabat, Oguzhan-Ankara Caddesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

 

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

 

Telefon   : +993 63 78 96 73 (Türkmenistan)

 

Resmi Line ID : @makulhyzmat

 

Resmi Line Hesabı :  https://line.me/R/ti/p/%40makulhyzmat   

 

 

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin

 

Atawatan Danyşmanlyk LTD şereketine

 

 Ýüz  tutup bilersiňiz

 

Habarlaşmak üçin

 

 

 

Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul

 

 

 

E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com 

 

 

 

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

 

 

 

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *