07

Migrasiýa Gullugyndan: Köp Soralýan Soraglara Jogaplar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy tarapyndan köp soralýan soraglara jogaplar geldi. Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň resmi web saýtynda olar barada maglumat ýaýradyldy.

Ine şol soraglardan käbirleri we jogaplary :               

Sorag: Men daşary ýurtda okaýaryn we mende ygtyýarly edaralar tarapyndan resmileşdirilen içerki Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bar. Men agzalan pasport esasynda Türkmenistanyň çägine girip bilýärinmi?

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatynyň pasporty esasynda gelip bilýärler.

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlara diňe Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty esasynda gidip bilýärler.

Sorag: Russiýa Federasiýasyndan ýaşan ýakyn doganymy Türkmenistana çagyrmak üçin nirä ýüz tutmaly we haýsy resminamalary tabşyrmaly?

Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt raýatlary, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

◦Türkmenistanyň çäklerinde - Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň      ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;

◦Türkmenistanyň çäklerinden daşarda - Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky      diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz      tutýar.

Fiziki şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna çakylygyň resmileşdirilmegi üçin aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

1) Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

2) Çagyrýan we çagyrylýan adamynyň pasportynyň göçürme nusgasy;

3) Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

4) Çagyrmagynyň maksadyny tassyklaýan resminama (eger-de bar bolsa).

Sorag: Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň özi okuwa gitjek bolanda, onuň ýurduň çäginden gitmeginiň tertibini düşündiriň?

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

                                                                      

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän  halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Sorag: Türkmenistanyň raýatyna daşary ýurda gitmek üçin nähili resminamalar gerek?

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler, şunda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe arkaly bellik edilýär.

Habarlaşmak üçin

Habarlaşmak üçin

 

Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul

 

E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com  

 

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

 

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *