07

Türkmen Banklarynda Ýeňillikli karz mümkinçiligi

Türkmenistan gazetiniň üstümizdäki ýylyň  16-nji Ýanwarynda neşir edilen sanynda habar berilişine görä, Türkmenistandaky ähli banklar telekeçilere ýeňillikli karz mümkinçiligi döredýär.

,,Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak’’ hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň banklary kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary berýärler. ,,Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda’’Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 1500-e golaý taslama karzlaşdyrylyp, ykdysadyýetde 13 000-den gowrak goşmaça iş orunlary döredildi .

Türkmenistanyň Prezidentiniň ,,Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda’’ Karary hem giň göwrümli taslamalary amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleri döredip, daýhan birleşiklerine we hojalyklara paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara , kärendeçilere, oba hojalyk ylymy-barlag institutlaryna, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli tarplara- dahyllylara ýyllyk 1göterim bilen ýeňilleşdirilen karz pullaryny bermäge banklara ygtyýar berýär. Bu serişdeler oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, abzallaryny we enjamlaryny, şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnikalary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri 10ýyl ulanyş möhletinden ugur alyp, her ýylda deň paýlar bilen gaýtaryp bermek şertinde satyn almaga bölünip berilýär.

Mundan başga maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek,oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtdan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri emläkleri satyn almak üçin ýyllyk  5 göterim bilen ýeňilleşdirilen karz pullaryny 10ýyl möhlet bilen ulanyş möhletinden ugur alyp, her ýyla deň paýlar bilen gaýtaryp bermek şertinde satyn almaga ygtyýar berilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýokarda agzalan ýeňillikli karzlar üçin ýurduň ähli karz edaralaryna we olaryň şahamçalaryna ýüz tutup bilýändigiňizi ýatladýar.  

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *