07

Hytaýdan Pars aýlagyna täze ýük gatnaw ugry: Türkmenistanyň artan orny

2018-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri, täze demir ýol ulgamy arkaly amala aşyrylýan ýük gatnawy dünýä jemgyýetçiliginde hem-de Türkmenistanyň metbugatynda giň seslenme döretdi. Bular barada Atawatan Türkmenistan Habar Agentliginiň saýtynda hem birnäçe habar neşir edildi.

Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça 3 sany konteýner ýük düzümi synag gatnawyny amala aşyrýar. Bu gatnawlaryň birinjisi we ikinjisi Türkmenistandan geçip gitdi. Indi nobat üçünjisi geldi, ol hem Eýrana rowana boldy.

Bu taslama arkaly Türkmenistanyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Olaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy hem bar. Hytaýyň dürli etraplaryndan geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan başlap, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen konteýner wagonlarynyň 130-dan gowragyny birleşdirýän demir ýol düzümleriniň 3-si ugradyldy.

Demir ýol düzümleri yzly-yzyna ilki bilen Inçuan şäherinden (HHR-iň merkezi bölegindäki awtonom sebitden), soňra bolsa Hytaýyň günorta bölegindäki iri senagat merkezi bolan Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) hem-de ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Sian şäherinden ugradylar.

Umuman, Hytaýdan Eýrana çenli ýoluň uzynlygy 10.297 kilometrden gowrakdyr. Bu ugur arkaly gatnawlary 14 günde amala aşyrmak mümkinçiligi bar. Bu görkeziji deňiz ýolundakydan ep-esli az (30 günden 40 güne çenli).

Bilermenleriň pikirine görä, dört ýurduň çäginden uzalyp gidýän bu ýol ýükleri Hytaýdan Pars aýlagynyň bazarlaryna çalt getirmekde has amatly logistiki çözgüt bolup durýar. Synag gatnawlary hytaýly ýük ugradyjylara Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr geçelgeleri ulanmak bilen, ýoly gysgaltmagyň hem-de ýük daşamagyň bahasyny azaltmagyň hasabyna köp möçberdäki serişdeleri tygşytlap biljekdiklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Mundan başga-da, Ýewraziýanyň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşy hökmünde Hytaý Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluna beýleki goňşy döwletleri hem goşmaga gyzyklanma bildirip, bu ulgamda täze gepleşikleriň başyny başlaýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly has-da işjeňleşdi. Mundan başga-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demiryoly çekilýär. Türkmenistanyň serhetýakasyndaky Serhetabatdan Owganystanyň Turgundi şäherine çenli ozalky ýol täzeden gurulýar. Ine şu polat ýollar  Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna işjeň goşulyşmagyna şert döredýär. 

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *