2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda D.Gulmanowa Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, has-da berkidilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl- Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň bu halkara ähmiýetli resminamanyň kabul edilmeginde beren uly goldawy üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagynyň, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodany hem-de parlament wekillerini ýurdumyzda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna hem-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
