DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Ykdysady ösüş meseleleri boýunça hünär dialogyny giňeltmegiň we halkara tejribesini alyşmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Taraplar makroykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de häzirki zaman ykdysady meselelerini çözmegiň döwrebap çemeleşmelerini öwrenmek bilen baglylykda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysady syýasat meseleleri boýunça özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga ýardam berýän bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygyň we geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça garaýyşlary we tejribäni mundan beýläk-de alyşmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Related posts

Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Baýlaryň ilkinji bäşliginde