BIZNES

Türkmenistan Dohada Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25-nji oktyabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Kataryň Premýer-ministri we Dașary işler ministri, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hökümet wekilleri, şol sanda ministrler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti şol gün forumyň çäginde geçirilen ministrler derejesindäki maýa goýumlar baradaky sessiýa gatnaşdy. N.Agahanow özüniň çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada belläp geçdi. Mundan başgada Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini barada nygtaldy.

Related posts

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi geçiriler

Türkmen Ekonomisinin Yeni Dalı : Madencilik Sektörü

vepa

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder