BIZNES

Saud Arabystanynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

1–2-nji oktýabrda Aşgabat halkara işewürlik dialogynyň meýdançasyna öwrülmek bilen 45 ýurtdan 800-den gowrak wekil Saud Arabystany Patyşalygyndan ýokary derejeli işewür sapary, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de transmilli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky maýa goýum forumynyň öňüsyrasynda onuň gatnaşyjylarynyň düzümi barha giňelýär. Eýýäm hasaba alnan gatnaşyjylaryň arasynda ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleri bar.

Forumyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri Saud Arabystanyny Patyşalygyndan gelýän ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagy bolar. Wekiliýete «Najd Gate Holding» maýa goýum holdinginiň başlygy, Onuň Alyjenaby Şazada Mansur bin Muhammed Al Saud ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzümine şeýle hem Saud Arabystanynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça işewürler geňeşiniň başlygy Ahmed bin Ali Al-Dahil hem-de energetika, senagat, oba hojalygy, gozgalmaýan emläk, buraw işleri we guýy gurluşygy ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary girýär.

Olaryň hatarynda «Al Ufuq Holding», «Al Majdiah Holding», «Arabian Drilling Company», «Al Taleb Agricultural Company» kompaniýalary, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy bar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, Er-Riýaddan gelýän maýadarlar türkmen ykdysadyýetiniň köp sanly pudaklaryndaky mümkinçilikleri anyk we düýpli öwrenmegi maksat edinýärler.

TIF 2026 forumynda çykyş edýänleriň düzümi hem ýokary abraýy bilen tapawutlanýar. Forumda Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň we Beýik Britaniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş ederler. Niderlandlar, Türkiýe, Pakistan, Ermenistan, Gyrgyzystan we Saud Arabystany Patyşalygy foruma ministrler derejesinde wekilleriniň gatnaşjakdygyny tassykladylar.

TIF 2026 forumyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi «Türkmen Kongres» HJ bilen hyzmatdaşlykda guraýar.

Forum barada giňişleýin maglumat resmi web-sahypada: tif-turkmenistan.com

Related posts

Birža täzelikleri: azerbaýjanly telekeçiler nah ýüplük aldy

Birža täzelikleri:geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy

“EKSPO-2025” sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilionynyň dizaýnyny hödürledi

Ata Watan Eserleri