DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi

Bu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garadylar.

Hususan-da, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim we sport babatdaky gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine garaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti parlament ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz «ýaşyl ösüş» ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandaky Täze ýyl baýramy hytaý teleýaýlymynda