BIZNES

Hytaýyň eksporty 850 milliard dollardan geçdi

Hytaýyň 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 6.13 trillion ýuana (850 mlrd &) deň bolup, degişli hasabat döwründe importuň möçberi 6 göterim azalyp, 4.17 trillion ýuana deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berilýär.

Maglumatlara görä, hasabat döwründe Hytaýyň umumy söwda dolanyşygy 1.3 göterim artdy. 2025-nji ýylyň 1-nji çärýeginde Hytaýyň esasy iri söwda hyzmatdaşlary ASEAN, Ýewropa Bileleşigi, Latyn amerikasy ýurtlary hem-de ABŞ boldy.

Hytaý bilen ABŞ-nyň birinji çärýekdäki haryt dolanyşygy 2.9 göterim artyp, 154.5 milliard dollara deň boldy.

 

Related posts

«Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergi geçiriler

Balkan welaýatynda döwrebap elektrik stansiýasy gurlar

Türkmenistan «24-nji Triennale Milano» halkara sergisine gatnaşar