JEMGYÝET

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň Astanada dikeldilen ýadygärliginiň beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň keşbini döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik oglunyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

Related posts

Tatarystanyň kompaniýalary Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşyp biler

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine nobatdaky iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy