JEMGYÝET

Türkmenistanda täze nebitgaz ýatagy tapyldy

Türkmen geologlarynyň yhlasly zähmeti netijesinde Uzynada käniniň 11-nji gözleg guýusy burawlanyp senagat ähmiýetli nebitgaz kondensat we tebigy gazyň akymy alyndy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Uzynada käniniň 11-nji gözleg guýusy ýakyn wagtlarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş kärhanalaryna tabşyrylar.

Bu guwandyryjy netijäniň ýurdumyzda uludan bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan günlerinde gazanylmagy Türkmen geologlarynyň şanly senä özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Related posts

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Russiýa” parlamentara forumynyň hemişelik sekretariaty Aşgabatda dörediler

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa sapary: hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi