DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Halkara Atom energiýasy agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.

Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Ankara şäherinde uly led ekranda Türkmenistan barada wideorolik

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Olimpiyat Köyünün En Büyük Tesisinin İnceledi

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy

Leave a Comment