SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: biletleriň elýeterliligini bilmek üçin täze mümkinçilik

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň mobil goşundysynda täze mümkinçilik döredildi we şol ýerde awiabiletleriň elýeterliligini görmek mümkinçiligi emele geldi. Awiakompaniýanyň  iOS we Android ulgamlaryndaky mobil goşundylary täzelendi.

Şol ýerde biletleriň ýagdaýyny barlamak bolar we saýlap alan senedäki uçardaky boş orun sanyny görmek bolar.

Şeýle hem bu hyzmat arkaly 2023-nji ýyyň ýanwar we fewral aýlarynda awiabiletleri onlaýn satyn almak üçin maglumat almaga şert döreder. Tölegleri “Altyn asyr” bank karty arkaly tölemek bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan BAE-niň Dubaý, Russiýanyň Moskwa we Kazan, Türkiýäniň Stambul, Germaniýanyň Frankfurt şäherlerine yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirýär.

Awiabiletler bu ugurlar boýunça açyk satylýar.

Related posts

Türkmenistandan Belarus ugurly ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Italiýanyň “Kowidsiz” adasy

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň täze jildi çapdan çykdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment