SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmynlar hem sanjym edildi

ABŞ-da “Covid-19” pandemiýasyna garşy gorillalar hem sanjym edildi. ABŞ-nyň San-Diýego haýwanat bagynda dokuz sany uly maýmyna sanjym etdiler, olar adamlardan soňra sanjym edilen ilkinji jandar boldular.

Haýwanlar üçin işlenip düzülen sanjym maýmynlara edildi. “National Geographic” -iň habaryna görä, weterinariýa dermanlaryny öndürýän “Zoetis” kompaniýasy “Covid-19” sanjymyny synag hökmünde öndürdi.

Ýanwar aýynda San-Diýego haýwanat bagynyň Safari seýilgähindäki sekiz gorilla koronawirus ýokanjy bilen keselläpdi we gorillalar fewral aýynyň ortalaryna doly gowulaşypdy.

Taryhdaky iň uly göwrümli sanjym

Related posts

Howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş ýagar

THY: Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan Moskwa we Kazan gatnawlary üçin ýatlatma